5-nji aprelde duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň jemleri jemlendi. Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” topary “Mewri” 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden bolsa, “Aşgabat” toparyny kabul eden “Altyn Asyr” topary hem çempionaty ýeňiş (4:1) bilen başlady.
Birinji tapgyryň ilkinji duşuşyklarynda “Ahal” öz meýdanynda “Köpetdag” toparyny (5:1), “Şagadam” bolsa “Nebitçi” (1:0) toparlaryndan üstün çykmagy başarypdylar.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji hem-de 12-nji aprelde geçiriler: “Merw” – “Nebitçi”, “Aşgabat” – “Şagadam”, “Köpetdag” – “Altyn Asyr”, “Arkadag” – “Ahal”.
1-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Arkadag” – “Merw” – 7:1
Gollar: 21 Rahman Myratberdiýew, 25, 72 Resul Hojaýew, 40 Ilýas Çaryýew, 52 Yhlas Toýjanow, 58 Baýram Ataýew, 63 Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 78 Awdyresul Abdyýew (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: D.Myradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: D.Daňatarow (Änew ş.), B.Amanmämmedow (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 4:1
Gollar: 18 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow, 31 Şatlyk Gurbanow , öz derwezesine, 35 Röwşen Halmämmedow, 90+3 Hoşgeldi Hojowow (“Altyn Asyr”) – 49 Wahyt Orazsähedow (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 38 Mekan Aşyrow, 44 Abdyrahman Annamyradow (“Altyn Asyr”) – 16 Rahat Japarow, 25 Atageldi Geldiýew (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Aşgabat ş. Büzmeýin etr. )
Duşuşygyň emini: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
