DÜNÝÄ

GDA-nyň Ykdysady Geňeşinde 12 resminama tassyklandy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, çökgünlik ýagdaýlaryny peseltmek boýunça netijeli çäreleriň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna hem-de durmuşa geçirilmegine, bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň çalt, netijeli herekete getirilmegine aýratyn üns berilýär.

Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäkleriniň sanitar goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça bilelikdäki hereketleriň orta möhletleýin meýilnamasynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýerasty baýlyklaryny 2021 — 2025-nji ýyllarda gözlemek, peýdalanmak hem-de goramak boýunça bilelikdäki işleriň meýilnamasy kabul edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 89-njy mejlisine gatnaşyjylar gün tertibine girizilen 12 resminamany makulladylar.

 

 

 

Ýene-de okaň

BAE bildirilen ynsanperwerlik üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 1,6 milliarddan geçýär