Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik Iwan Kuzmin bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi we obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Soňra geňeşiň başlygy, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministriniň orunbasary Wladimir Grakun çykyş edip, Arkalaşyga agza ýurtlarda seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde alnyp barylýan bilelikdäki işlere işjeň gatnaşmak bilen, durnukly ösýän ýurtdugyny, öz çäginde Arkalaşygyň çäreleriniň geçirilmegine hemişe jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady.