DÜNÝÄ

GDA-nyň resmi däl sammiti geçiriler

Däp bolşy ýaly, her ýylyň ahyrynda, Täze ýylyň öňüsyrasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirilýär. Üstümizdäki ýylda bu sammiti 26-27-nji dekabrda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada guramanyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

Sergeý Lebedew guramanyň hemişelik wekilleri bilen Minsk şäherinde duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda çykyş eden Lebedew gurama agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýygy-ýygydan duşuşyp durýandygyny belläp, öňümizdäki hepde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi. Ol bu duşuşygyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 26-27-nji dekabrda geçiriljekdigini aýtdy. Bu duşuşygyň hem özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigini belledi.

Şeýle hem ol 2022-nji ýylda GDA ýurtlarynyň haryt dolanyşygynyň 30 göterim artandygyny belläp geçdi.

Mälim bolyş ýaly, şu ýylyň 14-nji oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň her ýyldaky adaty sammiti Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi