DÜNÝÄ

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy A.Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar onuň ähmiýetini we öz wagtynda geçirilmegini nygtap, şu ýyl GDA-na Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmeginiň netijeliligini belläp geçdiler.

Duşuşygyň başynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamynda amaly özarahereketler, şeýle-de pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýyslygygyna garaldy.

YKDYSADY ÖSÜŞ STRATEGIÝASY

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde, hususan-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygyny tassyklady. Türkmenistanyň Baştutanynyň söwda, senagat, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ulag we kommunikasiýalar ýa;y ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň özara hereketleriň alnyp barylmagy babatynda çykyş edýändigi bellenilip geçildi. Ol şeýle taslamalaryň diňe bir GDA-nyň giňişligi bilen çäklenmeli däldigini, «ýanaşyk ýerleşen zolaklara hem gönükdirilen bolup, şol bir wagtyň özünde ýewraziýa ykdysady we maýa goýum giňişliginde uzakmöhletleýin geljek üçin durnukly orny üpjün etmelidigini» nygtady.

Köptaraplaýyn ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berildi. R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitinde ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegi boýunça enmeçe derwaýys başlangyçlary öňe sürendigi ýatlatdy.

Mejlisiň barşynda türkmen tarapynyň agrosenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenilmegi, saglygy goraýyş we farmasewtika hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bildirýän gyzyklanmasy beýan edildi.

BINAGÄRLIK WE ŞÄHERGURLUŞYK ÝYLY

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-da 2021-nji ýylyň – Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy aýratyn bellenildi. Şunlukda şu ýylyň maýynda Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapy Çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky degişli Çözgüde gol çekdi. Şu nukdaýnazardan mejlise gatnaşyjylara geljek ýylda Türkmenistanda binagärlik we şäher gurluşygy ulgamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň barada habar berildi.

Mejlisiň barşynda ylym, medeniýet we sport pudaklaryndaky bilelikdäiki taslamalar bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar hususan-da «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň birinji tapgyryny amala aşyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2030-nji ýyla çenli sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hakynd» hem-de «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda 2021-2022-nji ýyllar üçin ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasy hakynda» bilelikdäki çözgütleri kabul etdiler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Medeniýet Sahypamyz

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar