DÜNÝÄ

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Şu gün Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirilýär. Bu barada Täjigistanyň resmi internet saýty habar berýär.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisine Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri, şeýle hem Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji we Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşýar.

Duşuşykda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we halkara gün tertibiniň möhüm wakalary boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

 

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm çärelerine gatnaşdy

 

Related posts

Rüşvetle mücadele daha da güçleniyor

vepa

Söwda toplumy: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisi geçirildi