JEMGYÝET

GDA-dan synçylar topary welaýatlarda bolýarlar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi dowam edýär. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň çakylygy boýunça GDA-dan synçylar topary 8-nji martda öz işine başlady.

Häzirki wagtda topary düzmek işi dowam edýär. Onuň düzümine GDA gatnaşyjy döwletleriň merkezi saýlaw toparlarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň girizilmegi meýilleşdirilýär.

Halkara synçylar saýlawlaryň guramaçylyk derejesine hem-de ýurtda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine baha bererler. Saýlawlaryň erkinlik we demokratik ýagdaýda geçmegini üpjün ederler.

Şu günler toparyň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Olar eýýäm Daşoguz welaýatynda bolup, okrug saýlaw toparlarynda duşuşyklary geçirdiler, saýlaw möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, Daşoguz şäherinde we Köneürgenç etrabynda birnäçe saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler. Umuman, toparyň wekilleri saýlaw toparlarynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine we saýlaw uçastoklarynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri hem-de wagty ýerli metbugatda çap edilýär.

Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup durýan demokratik özgertmeleriň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary