MEDENIÝET

GDA agza ýurtlaryň maglumat giňişlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Minskdäki ýygnakda çykyş etdi.

Türkmenistandan wekiliýet 4-5-nji awgustda Belarus Respublikasynyň paýtagtyna GDA agza döwletleriň döwlete degişli we jemgyýetçilik teleradioguramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň we GDA agza ýurtlaryň Halkara maglumat howzunyň dolandyryş geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşmak üçin bardy.

Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň işi, şeýle hem Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümine girýän Halkara habarlar merkeziniň işi barada jikme-jik maglumat berdi.

Annasähet Kakaýew öz çykyşynda GDA agza ýurtlaryň teleradioguramalarynyň we başgada dürli halkara maglumat platformalarynyň wekilleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy öz içine alýan Halkara habarlar merkeziniň işine aýratyn üns berdi.

Kakaýewiň bellemegine görä, 2022-nji ýylda HHM 240-dan gowrak maglumaty, soňky alty aýyň dowamynda bolsa, merkez 230 maglumaty Halkara maglumat howzuna ugratdy.

Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, üstünlikleri we ýeten sepgitleri baradaky dürli, habarlar we maglumatlar GDA ýurtlarynyň metbugat giňişliginde üstünlikli durmuşa geçirilýän Halkara maglumat toruna (HMH) iberilýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov