SPORT

“Gazprom” türk toparyna hemaýatkär bolar

Russiýa Federasiýasynyň “Gazprom” kompaniýasy Türkiýe Respublikasynyň “Beşiktaş” toparynyň hemaýatkäri bolup biler. Bu barada degişli gepleşikler alnyp barylýar. Türk neşirleriniň habar bermegine görä, 3 ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyna laýyklykda, türk topary 61.5 million ýewro gazanar.

Habar berlişine görä, şertnamanyň möhletini ýene-de 2 ýylk uzaltmak mümkinçiliginiň hem göz öňünde tutulyp biljekdigi mälim edilýär.

Häzirki wagtda “Beşiktaş” toparynyň esasy hemaýatkäri “Vodafone” britan kompaniýasydyr we onuň bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.

“Beşiktaş” topary 1903-nji ýylda döredildi we 16 gezek Türkiýäniň çempiony boldy. Şeýle hem topar 10 gezek ýurduň kubogyny gazanyp, 9 gezek Naýbaşy kubogyň eýesi boldy. Toparyň Stambul şäherinde 40 müň orunlyk stadiony bar.
Häzirki wagtda “Beşiktaş” topary Türkiýäniň çempionatynda 3-nji orunda barýar.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy