JEMGYÝET

Gazak Lideri Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşýar

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bu möhüm çärä gatnaşjakdygymy tassyklaýaryn. Bu wekilçilikli forumy geçirmek başlangyjy ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Siziň ýurduňyzyň eýeleýän aýratyn ornuny, ählumumy howpsuzlygyň durnukly mehanizmlerini döretmäge ýardam bermek bilen, parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Gazagystan Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna açyk, netijeli dialoga bolan garaýyşlaryny hemişe goldaýar. Geçiriljek forumyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak, olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy