DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk boldy.

Ministrler 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak sapary bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşyna jikme-jik seretdiler.

Şeýle-de Ministrler Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda işjeň söwda-ykdysady hymatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek boýunça degişli işleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

 

25-nji maýda doglan ilkinji bäbekler

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy