DÜNÝÄ

Gazagystan we Ýewropa Bileleşigi strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişdi

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda durnukly çig mal, batareýa önümçiligi we “ýaşyl” wodorod önümçiligi babatda strategik hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky äthnama gol çekildi. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu ylalaşyga Müsürde geçirilýän howanyň üýtgemegi boýunça halkara maslahatyň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow bilen Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen gol çekdi.

Gazagystanyň Premýer-ministri bu ylalaşygyň ähmiýeti barada aýdyp, munuň Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşiginiň senagat alýanslary bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Şeýle hem ol Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belläp, Ýewropa ýurtlarynyň Gazagystanyň daşary söwdadaky paýynyň 30 göterime deňdigini belledi.

Ursula fon der Lýaýen hem öz gezeginde Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystanyň ykdysadyýetine maýa goýýan iri maýadarlaryň biridigini mälim etdi.

Gazagystan 2060-njy ýyla çenli uglerod garaşsyzlygyny gazanyp, pes uglerodly ösüş strategiýasyny alyp barmagy maksat edinýär.

Häzirki wagtda Gazagystanda “ýaşyl” energiýanyň önümçiligi 3 göterime barabar. Bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli 15 göterime ýetirmek maksat edinlýär. Şeýle hem uglerod zyňyndylaryny 15 göterim azaltmak maksat edinilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar