BIZNES

Gazagystan Ermenistana Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamagy teklip etdi

27 — 31-nji martda Ýerewanda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Gazagystanyň «Astana» diplomatik klubunyň işewürlik forumy geçirildi.

Forumyň çäginde logistika, senagat, IT we söwda ýaly dürli pudaklarda işleýän işewür wekilleriň arasynda B2B gepleşikleri geçirildi.

Işewürlik forumynyň dowamynda «Astana» diplomatik klubunyň prezidenti Kaýrbolat Sahmetow ermeni ýük daşaýjylaryna «Eýran — Türkmenistan — Gazagystan» ulag geçelgelerinden has işjeň peýdalanmagy teklip etdi.

«Eýran bilen serhetleşýändigiňiz üçin bu teklip gyzykly bolup biler. Eýranda we Türkmenistanda dizel ýangyjy arzan. Biz Türkmenistan bilen serhetleşýäris, Eýran bilen bolsa demir ýol baglanyşygymyz bar» — diýip, Kaýrbolat Sahmetow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ermenistan öz önümlerini eýran hem-de türkmen ýük awtoulaglarynda ýa-da demir ýol bilen Türkmenistanyň serhedindäki porta eltip biler we şol ýerden otly bilen Gazagystanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaýyň islendik nokadyna ugradyp bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder