BIZNES

Gazagystan bilen Hytaý 40 şertnama gol çekişdi

Mälim bolşy ýaly, şu günler Gazagystan Respublikasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisi geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet sapary bilen Gazagystana bardy.

Bu saparyň dowamynda Gazagystan bilen Hytaýyň işewür düzümleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Onda umumy bahasy 3,7 milliard dollara barabar bolan 40-dan gowrak şertnama gol çekildi.

Gol çekilen şertnamalaryň 16-syna golaýy Gazagystanyň “Samryk-Kazyna” milli kompaniýays bilen baglaşyldy.

Baglyşan şertnamalara laýyklykda, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyklar ösdürililer. Şeýle hem Hytaý Gazagystana 200-den gowrak lokomotiwler iberer.

Işewürler maslahatyna gazak tarapyndan 500-den gowrak hususy pudagyň wekilleir, hytaý tarapyndan 50 iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler