SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazagystan 14 sany uçar satyn alýar

Gazagystanyň awiakompaniýalary şu ýylyň ahyryna çenli 14 sany ýolagçy uçarlaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

– Şu ýylyň ahyryna çenli umumy sygymy 2,5 müň orunlyk täze howa gämilerini satyn alyp, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, “SCAT” awiakompanivasy 9, “Fly Arystan” awiakompnivasy 3, “Air Astana” awiakompanivasy 2 sany ucar alar – metbugat bevanatynda bellenilip gecilýär.

Metbugat beýanatynda bellenilip geçilişi ýaly, milli awiakompaniýalaryň awiaparkyna täze uçarlaryň satyn alynmagynyň ýolagçy akymynyň artmagy bilen baglanyşyklydygy bellenildi. Şu ýylyň alty aýynda gatnadylan ýolagçylaryň sany geçen ýylyň degili döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim artyp, 4,6 million adama ýetdi. Pandemiýadan ozalky döwür bilen deňeşdirilende bolsa, ösüş 28 göterime deň boldy.

Bu ýolagçy akymynyň tizligine ýetişmek üçin täze uçarlaryň satyn alynmagy göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Gazagystanyň awiakompaniýalary 75 sany uçary ulanýar. 2025-nji ýyla çenli awia flotuň düzümine ýene-de 51 sany uçar goşular.

 

Türkmen ýaşlarynyň halkara olimpiadadaky uly üstünligi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär