BIZNES

Gaýtadan işlenilýän kagyz bazary ösdüriler

Gaýtadan işlenilýän kagyz galyndylarynyň ýurduň daşyna çykarylmagyny düzgünleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy we yzygiderli goldawy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagy sazlaşykly ösýär hem-de onuň dürli pudaklarda eýeleýän orny pugtalanýar.

Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary täze önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler. Şolaryň hatarynda kagyz önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanalar hem bar. Şol ýerde azyk we senagat önümlerini, halkyň sarp edýän harytlaryny gaplamaga niýetlenen kagyz gaplar, elsüpürgiçler, okuwçy depderleri, öý hojalygynda ulanylýan kagyz önümleri öndürilýär. Şeýle kärhanalaryň köpüsi çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilendir. Olaryň önümçilik kuwwatlyklary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Ýurdumyzyň içinde kagyz we karton gaplara bolan islegleriň artýandygyny, kagyz galyndylaryny daşary ýurtlara çykarmagy hem-de ýerlemegi tertipleşdirmek meselelerini nazara alyp, kagyz önümleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, täze gümrük pajyny girizmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meseleleri içgin öwrenmegiň we ony degişli derejede taýýarlamagyň zerurdygyny belledi hem-de onuň ekologiýa ugruna möhüm üns bermegi tabşyrdy. Ähli meýilleşdirilen çäreler ýurdumyzyň içinde kagyz önümleri gaýtadan işlemegiň mukdarynyň artdyrylmagyna, ugurdaş kärhanalaryň doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagyna, ösýän islegleri nazara almak bilen, içerki bazarlarda bu önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Bank we ýokary okuw mekdepleriniň işi kämilleşdiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gazagystan: özara söwdanyň möçberi 1 milliard dollara ýetiriler

Türkmenistanyň paýtagtynda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edarasy açyldy

Tatarstan Türkmenistanda söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Balkan welaýatynda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Masato Kanda: CAREC taslamalaryna 10 milliard dollar maýa gönükdiriler

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar