Türkmenistan döwletimiz köp dürli bakça we gök önümleriň iň köp ýetişdirilýän ülkesidir. Şeýle önümleriň biri hem derde derman we süýji tagamlaryň naýbaşysy bolan türkmen gawunydyr. Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri, ýerli howa şertlerinde bol hasyl berýän, şeýle hem uzak saklanýan we göçe ýaramly gawundyr garpyz görnüşleri döredilipdir.
Türkmen daýhanlary gawunyň “Waharman”, “Bişek”, “Gök Gülaby”, “Garrygyz” ýaly meşhur, şeýle hem onlarça beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Häzirki wagtda dünýä bakjaçylygynda gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr, olaryň 400 görnüşi bolsa türkmen gawunydyr. Tohum saýlamak işi tejribeli bakjaçylar we alymlar – seleksiýaçylar tarapyndan häzirem amala aşyrylýar.
Zamça, garrygyz, gülaby, mazy, zamy, kyrkgünlük, akbişek, gürbek, sarygyz, waharman, paýendeki, hytaýy, şagawun, şekerpalak ýaly şirinden-şirin gawunlar bu gün biziň ak bazarlarymyzyň, desterhanlarymyzyň bezegi bolup durýar.
Türkmenler gawuny diňe bir çig görnüşinde iýmeýärler, eýsem olaryň etini diliklere bölüp, garpyzyň suwuna batyryp alýarlar we guradýarlar. Ondan ajaýyp önüm bolan «kak» alynýar. Gawundan «sök» («garagurt») diýen örän süýji nygmat hem taýýarlanylýar: gawunyň eti gaýnadylyp sowadylandan soň, oňa gowurmyşlanan bugdaý ununy goşýarlar. Alnan goýaltmany togalaýarlar we günüň aşagynda guradýarlar.
Şirin-şeker gawunlarymyz milli medeniýetimizde hem aýratyn orun alýar. Olar babatda dilimize ykjam ornan meňzetmelerdir deňeşdirmeleriň, hoşniýetli däp-dessurlardyr rowaýatlaryň köp sanlysyna duş gelmek bolýar.
Düzümi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly maddalara baý gawundan taýýarlanýan guradylan kak önümi irki wagtlardan bäri şirin nygmat hem dermanlyk önümi hökmünde giňden meşhur bolupdyr. Gawun kaky beden synalaryny zyýanly maddalardan arassalaýar, olaryň işini kadalaşdyrýar, beden süňkleriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrýar. Gawun kaky bedeniň nerw ulgamyny hem sagdynlaşdyrýar. Kakyň düzümi kaliý kislotasyna baýdyr, şol sebäpli ony göwreli aýallara iýmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, kakyň düzüminde ukusyzlykdan nerw dartgynlygyndan baş aýlanmadan, syna gowşaklygyndan saplanýan ferment, şeýle hem, deriniň, saçyň, dyrnagyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrýan maddalar köp saklanýar.
Türkmen halkyna ajaýyp sowgat – datly we şireli gawun bagyş edilipdir. Bu gawunlar dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Emma olaryň hiç biri-de tagamy, şeýle hem beýleki häsiýetleri boýunça türkmen gawunlary bilen bäsleşip bilmeýär. Bu bolsa olaryň halkymyzyň baýlygydygyny aňladýar. Bu lezzetli tagamlary ösdürip ýetişdirmek tejribesini indiki nesle geçirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Oguljennet Satlykowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
