DÜNÝÄ

Garri Potteriň awtoryndan täze kitap

“Garri Potter” kitaby bilen meşhurlyk gazanan iňlis ýazyjy zenany Joan Roulingiň çagalar üçin niýetlän täze kitabyny onlaýn okamak mümkinçiligi döredilýär. Joan Roulingiň başga işleri sebäpli yza süýşürip gelen “Ickabog” atly kitaby barada “Twitter” hasabyndan beýanat bilen ýüzlendi.

Ýazyjy zenan bu eserini 10 ýyl mundan ozal ýazmaga başlandygy, emma ony çap etmek babatda belli bir karara gelip bilmändigini mälim etdi. Koronawirus ýokanjynyň ýaýran döwründe çagalaryň bu eserden peýdalanmagyny göz öňünde tutup, ony onlaýn görnüşde çap etmegi meýilleşdirdi.

Rouling karantina sebäpli çagalar ähli wagtyny öýlerinde geçirýändigini belläp, olaryň internet arkaly bu kitaby mugt okamaga şert dörediljekdigini belledi.

Ol “Ickabog” eseriniň ady rowaýata öwrülen Garri Potter eseriniň dowamy däldigini hem nygtap geçdi. Rouling kitaby onlaýn okamaga şert döretmek bilen çagalaryň hem bu kitaba öz goşandyny goşup biljekdigini belledi.

Kitabyň kagyz görnüşi 2020-nji ýylyň noýabr aýynda çap ediler. Şol nusgasynda çagalaryň hem goşandyna orun beriljekdigi mälim edildi.

Iňlis ýazyjy zenany Joan Rouling bu kitapdan gazanan galam hakyny koronawirus ýokanjyndan täsirlenen adamlara kömek berilmegi üçin haýyr-sahawat etjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi