MEDENIÝET

Garri Poter baradaky kitap 40 müň dollara satyldy

«Garri Poter we pelsepewi daş» atly kitabyň birinji neşiri auksionda 3 müň funt sterlinge (40 müň dollara) satyldy.

Kitabyň häzir asla tapdyrmaýan bu neşiri mundan 12 ýyl ozal Beýik Britaniýada 65 ýaşly okyjy tarapyndan mekdebiň arka tarapyndaky zibilhanadan tapylypdyr. Onuň ýanynda Garri Poter hakynda iki sany ýukajyk kitapça hem bar eken.

Kitapçalaryň hem bilelikde 20 müň sterlinge satylmagyna garaşylýardy. Ýöne sahypalaryna biraz zeper ýetenligi üçin olaryň birini 4700, ikinjisini 3200 funt sterlinge satyn aldylar.

Garri Poter hakynda ýokarda ýatlanylan kitap 1997-nji ýylda 500 nusgada çap edilipdir. Şol wagt bu kitaphanalar mekdep kitaphanalaryna mugt paýlanan eken.

Ýene-de okaň

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy