SPORT

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

Angliýanyň Futbol assosiasiýasy ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Garet Sautgeýt wezipesinden meýletin gitmek barada karara gelendigini habar berdi.

– 8 ýyl we 102 duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysyna tälim beren Garet Sautgeýt tälimçilikden gitdi – diýip, jemgyýetçilik torunda ýerleşdirilen metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, Angliýa Germaniýada geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynda finala çykyp, finalda Ispaniýa ýeňlipdi. Mundan ozalky Ýewropa çempionatynyň finalynda hem ýeňlen Angliýa 2022-nji ýylda Katardaky dünýä çempionatynda hem şowly çykyş edip bilmedi.

Garet Sautgeýt 2016-njy ýylda Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellenipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady