Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda gazanylýan bu üstünlikler balkanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary häzirki zaman innowasion ýoly bilen ösdürilýär, olaryň döwrebap ösüşiniň üpjün edilmegini şertlendirýän sanly ulgam ähli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna tapgyrlaýyn esasda yzygiderli ornaşdyrylýar. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat ulgamy pudaklary sanlylaşdyrmagyň çäklerinde döredilýän ulgamlaryň biridir.
Sanly ulgam köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň ykdysayd ösüşinde telekeçileriň hem paýy uludyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen ýylyndan — 2008-nji ýyldan bäri geçen 14 ýylyň içinde onuň agzalary tarapyndan öndürilýän senagat önümleriniň möçberi 79 esse ýokarlandy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň häzirki wagtda 27700-den geçýän agzalarynyň 70,3 göterimi söwda we hyzmatlar ulgamynda, 16,6 göterimi oba hojalygynda, 8,2 göterimi gurluşyk pudagynda we 4,9 göterimi senagat pudagynda bellige alnyp, iş alyp barýarlar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäklerinde senagat-önümçilik zolaklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen döwlet strategiýasy pudaklary senagat we innowasion ösüş ýoluna geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň, zawodlaryň we fabrikleriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň köp görnüşini çykarmaga niýetlenen gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi aýratyn taryhy ähmiýetli wakadyr. Maksatnamada göz öňünde tutulan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki tapgyrynyň wezipelerini, hil taýdan ösüşlerini öz içine alýar. Häzirki wagtda Türkmenistan täze eýýamy, röwşen geljegi gurýar. Ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap maksada okgunly hereket edýär.
Saparguly Sapargulyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4-nji ýyl talyby.