JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş geçirildi

Eziz Diýarymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny belleýär. Häzirki wagtda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaralara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Dabara, däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň we harby tehnikalarynyň ýörişi bilen başlady. Hazarda ýerleşýän harby-deňiz güýçleri Dabaraly ýörişe onlaýn görnüşde goşuldy.

Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda bu şanly senä bagyşlanan harby ýörişde türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.

Münberiň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli kysymlaryna degişli bolan harby tehnikalar geçip gitdiler. Şu dabaraly harby ýörişde “BMC Kirpi MRAP” kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem görkezildi.

 

ŞEýle hem dabarada uçarmansyz uçýan enjamlar hem görkezildi. Olar soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde netijeli ulanylýar. Şolaryň arasynda dünýäde iň gowularyň hatarynda tanalýan “Bayraktar TB2” enjamy bar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişinde Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony hem çykyş edip, Arkadag şäherine barýan ýoldakt Akhan binasynyň şekilini emele getirdiler.

Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy dabaraly harby ýörişiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri