MEDENIÝET

Garaşsyzlyk baýramy: döwlet sylaglary gowşuryldy

Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň köp sanlysyna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, watandaşlarymyz köp ýyllap çeken yhlasly zähmeti üçin dürli sylaglara mynasyp boldular. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň sylaglanmagy ýurdumyzda öz işiniň ussatlaryna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralaryna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşyp, dabara gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy bilen mähirli gutladylar, olara bagt, abadançylyk, täze üstünlikler we Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin döredijilik üstünlikleri arzuw etdiler.

Dabaralarda düýn geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen täze möhüm kararlaryň döwletimiziň ösüşi üçin ýene bir güýçli itergi boljakdygy we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigi aýratyn bellenildi.

Milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlary “Gaýrat ” medaly, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy we köp sanly raýatlarymyz dürli hormatly atlara mynasyp boldular.

Türkmenistanda ertir – ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni giňden belleniler.

Otly gatnawlary barada täze maglumat

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary näme?

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da

Hoş habar: Daşary ýurtdaky raýatlarymyz üçin ýene bir ýörite gatnaw

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi