JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramçylygy uly şowhuna beslendi

Şu gün Türkmenistan döwletimiz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şu şanly baýramçylyk mynasybetli dabaralar Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Oňa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşdy. Şeýle hem bu dabaralara ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtly myhmanlar, dünýäniň ençeme ýurdundan gelen halkara habarçylar we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem ýurdumyza gelip, esasy dabaralara gatnaşdy.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ilki bilen dabaraly harby ýöriş geçirildi. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine baýramçylyk mynasybetli Arkaly atly ahalteke bedewi sowgat berildi.

Dabara türkmen halkynyň Milli Lideriniň seýislän Akhan we beýleki atlarynyň ýörişi bilen başlandy. Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýörişi bilen başlap, soňra paýtagtymyz Aşgabat. Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy hem-de ýüzlerçe adamlar geçdiler.

Dabarada “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň köpöwüşginli çykyşlary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we medeniýet ulgamynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary pudaklaryň işgärleriniň dabaraly ýörişine baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen jemlendi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň şanyna dabaralary telewideniýede göni ýaýlymda alnyp berildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri