SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk ― ganatymyz, bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere eýe bolmak bilen, ýokary derejede gülläp ösýär. Peder kesbini dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny biz her ädimde duýýarys. “Biziň ähli üstünliklerimiziň gözbaşy jemgyýetimizde asudalygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürýänligidir we halkymyzyň parahat durmuşda ýaşaýanlygydyr” diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözleri hem ýokarda bellänlerimize doly şaýatlyk edýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýy giňden hem dabaraly toýlandy. Türkmen halky baýramçylyk günlerinde taryhy wakalaryň şaýady bolup, ajap eýýamymyzyň eşretli gününe guwanýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy başynyň täji hasaplaýan türkmen ili döwletli döwranyny şu buýsançly sene bilen berk baglanyşdyrýar. Sebäbi, adam taryhy üçin juda gysga döwür bolan 32 ýylyň içinde Türkmenistan Watanymyz asyrlara barabar ösüş-özgerişlere eýe boldy. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýy täze belentliklere çykdy. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüş-özgerişli ýoly barha rowaç alyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli ýokarlandy. Şonuň üçinem Garaşsyzlygymyz dillerimiziň senasy bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň dowamynda geçilen ýola nazar aýlap, ýurdumyz üçin garaşsyz ösüşiň näderejede netijeli, gymmatly, ýeňişli bolandygyna taryhy nukdaýnazardan baha bermek bolýar. Garaşsyzlyk döwrüniň başlanmagy bilen, düýpli özgertmeleriň, ägirt uly täzelenişiň döwri başlandy. Eziz Watanymyzyň garaşsyz ösüşiniň binýadyna ýurdy düýpgöter täzelemeklige gönükdirilen, ylmy esasda oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmeler goýuldy. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna, dünýäniň iň gowy tejribesine daýanyp, depginli ösmeli ykdysady we durmuş-medeni ösüş goýuldy. Türkmen halkynyň egsilmez ruhy güýjüne, özboluşly taryhy-medeni mirasyna esaslanýan döwlet syýasaty geljekki ösüş ýoly üpjün etdi.

Jemgyýetiň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmaga, agzybirligini pugtalandyrmaga, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, nesillerde täze dünýägaraýşyň, ýokary ahlaklylygyň kemala gelmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler, ösüş maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirildi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döredijilikli däpleri göz öňünde tutulyp alnyp barylýan parahat söýüjilikli, ynsanperwer, adalatly syýasat türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny we onuň esasy bähbitlerini şöhlelendirdi.

Her ýylda Garaşsyzlyk baýramçylygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda asylly däbe öwrüldi. Döwletimiziň baş baýramyny — Garaşsyzlyk toýumyzy öz asylly zähmetiň, işde gazanýan üstünlikleriň bilen şöhratlandyrmak, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her bir raýat üçin uly bagtdyr. Şu babatda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň durmuşynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredýän döwrebap eserleriniň, Diýarymyzda geçirilen medeni çäreleriň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyny has-da dabaralandyrmaga özboluşly goşantdygyna aýratyn buýsanýarsyň.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzyň durmuşynda uly taryhy waka boldy. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, öz halkyna, ýurduna beýik söýgüsinden dörän ajaýyp şäherdir. Halkymyzyň hormatly Arkadagymyza synmaz söýgüsiniň, belent buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Arkadag şäheri döwletli döwranda ýaşaýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň dünýä ýalkym saçýan nurly kuýaşydyr. Arkadag şäheri bagtyýarlygyň baky owazydyr, ýaşaýyş-durmuş medeniýetimiziň döwrebap derejede özgerýändiginiň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň nyşanydyr.

Merdan Baýramow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri