YLMY MAKALALAR

Garaşsyzlygyň ykdysady lirikasy : “Ylmy makalalar” sahypamyzyň ilkinji eseri

Garaşsyzlyk ykdysady lirikasy – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan ykdysady syýasaty, amala aşyrylýan giň gerimli işleri, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny özboluşly bir şahyrana dilde täsirli görnüşde teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän çeperçilik serişdesidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli babatlardaky öňegidişliklerini, ykdysady galkynyşlaryny belentden wasp edýän liriki eserler  –  «ykdysadyýet» diýen düşünjäniň özüniň dar galybyndan çykyp, edebiýata aralaşmagy bilen, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň tema taýdan baýlaşandygyny –  «Ykdysady lirika» diýen täze mowzugyň peýda bolandygyny mese-mälim aýan edýär.  Diýmek, Garaşsyzlyk  –  häzirki zaman türkmen edebiýatynyň ösüşinde henize çenli görlüp-eşdilmedik täzeçe özgerişi, milli ruhy galkynyşy amal eden düýpli öwrülişikdir. Ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda şular ýaly eýýamlaýyn öwrülişik bolanynda, durmuş hakykatlaryny dogruçyl beýan etmekde edebiýatda kyssa bilen deňeşdirilende şygyr has köpräk döredilýär. Çünki, şygryýetde gündelik wakalara şahyrana seslenmeler öz wagtynda çeper beýanyny tapýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen şygryýeti Garaşsyzlyk ýyllarynda  ýurdumyzda  amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady-syýasy özgertmeler bilen aýakdaş gidip, durmuş bilen deň-derejede ösmäge başlady. Netijede bolsa, häzirki zaman türkmen şygryýetinde henize çenli görlüp eşidilmedik milli ruhy galkynyş, täzeçillige baý düýpli şahyrana öwrülişik peýda bolup,  şonuň esasynda-da täze döwrebap temalar döredi. Şol döwrebap temalaryň iň naýbaşysy bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetine guwanmak, buýsanmak temasy bolup durýar. Bu temanyň häzirki zamanyň türkmen edebiýatynda döremeginiň özi bir syýasy hadysadyr. Hut şu nukdaýnazardanam, okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän goşgulary «Syýasy lirika» diýip häsiýetlendirýärler. Ýöne, bu babatda belli edebiýatçymyz Rahman Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabyndaky: «Umuman, alanyňda syýasy däl lirika ýok. Lirika, tutuşlygyna, onuň ähli žanrlary syýasy hadysadyr. Ol tutuşlygyna durmuşy tendensiýaly, belli estetik idealyň nukdaýnazaryndan beýan edýär we düşündirýär. Şuňa görä-de bu ýerde «Syýasy lirika» termini şertli alynýar.» – diýen ylmy garaýşyny ünsden düşürmeli däldiris. Çünki, bu ýerde halypa alymymyzyň lirikanyň ähli görnüşlerine syýasylygyň mahsusdygy, şonuň üçin-de «Syýasy lirika» terminiň şertli alynýandygy barada öňe sürýän pikirleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän şahyrana eserleriň häzirki zaman türkmen edebiýatynda syýasy lirikanyň  täze bir ykdysady temasyny däl-de, eýsem, «Syýasy lirikidan» düýpgöter aýratynlykda, özbaşdak bir täze lirikany – «Ykdysady lirikany» döredenligini aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady lirika liriki žanryň ylmy esaslarynyň talaplaryny hem doly ödeýär. Filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabyndaky: «Lirika ynsanyň öz içki dünýäsini: şatlygyny-gaýgysyny, söýgüsini-ýigrenjini, gülküsini-agysyny lükgesi bilen ynanýan syrdaşydyr. Lirika ynsanyň şatlygyna şatlanyp, söýgüsine söýgi, gülküsine gülki goşýan, gaýgysyny paýlaşýan, agysyna aglaşýan gudratdyr.»– diýen ylmy nazaryýetine görä, islendik liriki eser belli bir liriki tema degişli boljak bolsa, şol temadaky şygyrlar adamyň içki dünýäsinde püre-pürlenen duýgusyndan syzlyp çykan şatlygynam-gaýgysanam, begenjinem-gynanjynam beýan etmeli. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň  Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Garaşsyzlygyň bahasyna ýetilmesiz gymmatyny halkymyza düşündirip ýazan «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly goşgusynyň:  

                                   «Günümiz kyn haçan düzeler» diýip

                                   Mydam söz açmany halaýarsyň sen,

                                   «Oglan aglar, tudana wagtynda bişer»,

                                   Ortarak günüňden nalaýarsyň sen,

                                   Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma,

                                   Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň.

 

                                  Garaşsyzlyk alan günüň ertesi,

                                  Bada-bat bal aksynmy, her gapydan.

                                  Seniňçe, sanlyja aý-gün geçmänkä,

                                  Süri inmelimi, ýaýrap ýapydan,

                                  Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma,

                                  Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň – diýen şahyrana setirlerinde ýurdumyzyň mundan 32 ýyl ozalky döwlet berkararlygyna  eýe bolan ilkinji günlerindäki halk hojalyk durmuşy, türkmen raýatlarynyň şol döwürdäki ykdysady ýagdaýy beýan edilýär. Ýöne, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde «Müň gün»  maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti örän tiz galkynyp başlady. Milli ruhdaky bu ykdysady galkynyşy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew özüniň «Müň gün» atly  publisistik poemasynyň:

                                  Hereketli, Bereketli Müň Günüm,

                                  Tebähetli, Sagadatly Müň Günüm,

                                  Daýanyşyp, bir-birine utgaşyp,

                                  Biri beýlekisine gujur-bat goşup,

                                  Dört milýon kalp bolup, joş urup barýar

                                  Ýerasty derýalaň çekip jylawyn,

                                  Ýerüsti desgalaň ýakyp alawyn,

                                  …Dek düýnüň özünde düýbi tutulan,

                                  Fabriklerde pamyk egirip berýär,

                                  Diýarymyň alys-ýakyn çetine,

                                  Hem ilimiň goňşy ýurt-döwletine,

                                  Akdaş menzil çekip, demirýol gurýar

                                  Türkmen topragynyň mähir-ýylysyn,

                                  Allaň beren baýlygynyň ulusyn,

                                  Turba salyp, gazyn-mawy ýangyjyn,

                                  Çekip barýar yklymlardan yklyma – diýen setirlerinde örän çeper beýan edýär. Diýmek, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly şygry bilen  Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly  publisistik poemasy liriki eserlere degişli ähli aýratynlyklary özünde jemleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman türkmen edebiýatynda «Ykdysady lirika» atly täze tema döredi diýip arkaýyn aýdyp bileris. Belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebow geçen asyrda liriki eserleri tematikasy boýunça «Syýasy lirika», «Zähmet lirikasy», «Söýgi lirikasy» diýen üç sany iri mowzuga böldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen şygryýetinde dördünji bir iri temanyň   «Ykdysady lirikanyň»  döremekligi hem tötänden däldir.  Çünki, bu temanyň liriki eserlerde döremekligi ýurdumyzyň halk hojalygynda mundan 32 ýyl ozal   döwlet berkararlygymyza eýe bolan ilkinji günlerimizde bazar ykdysadyýetine geçmeklikde saýlanylyp alnan usul bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bazar ykdysadyýetine geçýän ýurtda bolsa ykdysady galkynyşlar giň gerim bilen günsaýyn rowaçlanýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ösüşiň özboluşly milli ýoluny, onda-da örän dogry ýoluny saýlap aldy we ony tapgyr-tapgyr ösdürip, kämilleşdirip geldi. Bu diýýänim Garaşsyz ösüşimiziň geçen ähli ýyllary, ähli döwürleri babatda alanyňda dogrudyr. Munuň özi dünýäde ykrar edilen hakykatdyr» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda mundan 32 ýyl ozal – döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolan mahalymyz esaslandyrylan ykdysady ösüşiň türkmen milli nusgasy bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmeklige gönükdirilendir. «Ylym» neşirýaty tarapyndan 2015-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň ykdysadyýeti» atly kitapda biziň ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçiş usulynyň  geçiş döwri, bazar ykdysadyýetini döretmek döwri, jemleýji döwür ýaly üç sany döwri öz içine alýandygy beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazara esaslanylanda, Baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň milli ösüş ýoluny şu aşakdaky dört döwür bilen häsiýetlendirmek bolar.   

  1.  Geçiş döwri – Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar bolmak döwri. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir» atly kitabynda: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» – diýip, örän jaýdar bellemeklik bilen, ýurdumyzda  bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmekligiň ilkinji döwrüni Berkarar bolmak döwri diýip atlandyrdy.                
  2. Bazar ykdysadyýetini döretmek döwri – Garaşsyz Türkmenistanyň Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamy. 
  3. Jemleýji döwür – Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwri. 
  4. Bazar ykdysadyýetine geçilen döwür – Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. 

Durmuşy, daşky dünýäsi ykdysady öwrülişik bilen bagly bolup, ykdysady galkynyşdan galkynan şahyrlaryň döredijiligi, elbetde şol ykdysady özgertmelerden üzňe bolup bilmez. Çünki, Jora Allakowyň «Edebiýat ylmyna giriş» atly okuw gollanmasynda beýan edilişi ýaly, lirikada daşky dünýäniň hadysalarynyň, wakalarynyň, şahyrda döreden joşgunly duýgulary suratlandyrylýar. Şonuň üçin hem, ykdysady galkynyşlary joşgunly beýan edýän goşgular, elbetde liriki eser, onda-da ykdysady lirika degişli liriki eser hasaplanýar. Hut şu nukdaýnazardan-da,  ykdysady lirika degişli liriki eserler, türkmen edebiýatynyň «Gadymy türkmen edebiýaty», «Orta asyrlar türkmen edebiýaty», «XVIII asyr türkmen edebiýaty», «XIX asyr türkmen edebiýaty», «XX asyr türkmen edebiýaty», «Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýaty» diýip döwürlere bölünişi ýaly, Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýatyny hem öz içinde:

  1. Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty
  2. Garaşsyz Türkmenistanyň Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynyň edebiýaty
  3. Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty
  4. Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň edebiýaty – diýen dört sany döwre bölmeklige mümkinçilik berýär. 

Ýurdumyzyň Garaşsyz ösüşiniň bu dört döwrüniň edebiýaty publisistik eserleriň mazmunyny çuňlaşdyryp, çeperçiligini ýokarlandyrdy we şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady öşüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan etdi. Netijede,  syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky  özgertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi. Bu şygyrlar bolsa: 

  • Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylan uly ykdysady öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň ykdysady lirikada täze bir hil derejesine eýe bolan temany we ideýa mazmuny döredenligini;
  • Ata Watanymyz Türkmenistanda ägirt uly ykdysady syýasy ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz minnetdarlygyň Garaşsyz ösüşimiziň dört döwrüniň ykdysady lirikasynyň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini;
  •  Garaşsyz ösüşimiziň dört döwrüniň ykdysady lirikasynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza, günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çykanlygyny;
  • «Aklyk» pelsepesiniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary we ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde Garaşsyz ösüşimiziň dört döwrüniň ykdysady lirikasynda teswirlenýändigini aýan edýär.

Diýmek, Garaşsyzlygyň ykdysady lirikasy Garaşsyz ösüşimiziň dört döwrüniň öz öňünde goýan belent maksatlarynyň Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyna güwä geçýär.

Toýly Jänädow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary etrap geňeşiniň işgäri

bellik : Awtor makalasy bilen bilelikde, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda zähmet çekýän ylmy işgärlerden makalalasy boýunça synlary hem ugradypdyr.

Ylmy makalalar sahypamyzy açýarys

Ýene-de okaň

Ylmy makalalar sahypamyzy açýarys

Ata Watan Eserleri