JEMGYÝET

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy giňden dabaralandyrýan baýramdyr.

Adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde giren 1941—1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synaglary, görlüp-eşidilmedik betbagtçylyklary, agyr ýitgileri ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gowgaly döwürde millionlarça adamlar faşizmiň rehimsiz syýasatynyň pidasy boldy. Maşgalalar ata-eneden, ogul-gyzdan, dogandyr uýadan mahrum boldy. Dünýä ykdysadyýetine, adamzadyň medeni, ylym we bilim ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirildi. Beýik Ýeňşe bolan arzuw-umytlar doganlyk halklar bilen birlikde Türkmenistanyň halkyny hem zulum-sütemiň garşysyna gahrymançylykly göreşe jebisleşdirdi.

Şondan bäri onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, bu gün ýalynly ýyllaryň hasratlary biziň halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar bolup ýaşaýar. Doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçiren watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiňdir gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň hem-de belent adamkärçiligiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezdiler. Olaryň söweş edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Gowgaly uruş ýyllarynda tylda galan Türkmenistanyň ilaty — garrylardyr gelin-gyzlar we ýetginjekler gije-gündiz gaýratly zähmet çekip, bol galla we pagta öndürdiler. Fronta zerur bolan önümleri, egin-eşik we azyk iberip, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular. Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler. Uruş döwründe çeper elli gelin-gyzlarymyz ajaýyp sungat eserine öwrülen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly halyny hem dokadylar.

Ynsan mertebesini belent, hatyrasyny mukaddes tutmak biziň milli ýörelgämizdir. Şoňa görä-de, biz paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, şäherdir obalarymyzdaky ýüzlerçe ýadygärliklerde uruş gahrymanlarymyzyň, tutanýerli zähmeti bilen taryhy Ýeňşi ýakynlaşdyran tylyň merdanalarynyň çuňňur hormatlamak we çäksiz minnetdarlyk duýgulary bilen hatyralaryny belent tutýarys. Merdana watandaşlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy häzirki we geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar!

Eziz watandaşlar!

Biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasynda Türkmenistanyň halkynyň, her bir raýatyň, döwletiň bähbidi durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gülläp ösmegi üçin düýpli özgertmeleri amala aşyrýarys. Giň gerimli durmuş syýasatyny alyp barýarys. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň her bir raýaty, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz, maşgala ojagyna wepaly eziz enelerimiz hakynda uly aladalary edýäris. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, saglyklaryny berkitmäge döwlet derejesinde uly üns berýäris. Eziz Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlarymyza durmuş ýeňilliklerini döredýäris.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini gazanmak, jebisligimizi has-da berkitmek, ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde öwüt-ündewleri bilen bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýän weteranlar — parasatly ýaşulularymyz, kümüş saçly mährem enelerimiz bilen tolgundyryjy duşuşyklary, gyzykly söhbetdeşlikleri geçirýäris.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny we tylda zähmet çeken weteranlary «1941—

1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara hem geldik. Olara ýubileý medalyny we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurýarys. Parahat we azat durmuş üçin söweşip, ot-ýalnyň içinden geçen gahrymanlarymyz, özleriniň çagalygyny, ýaşlygyny şol ýowuz ýyllara pida eden ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr.

Mähriban halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi uly pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk we asudalyk bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Gresiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan YHG-niň ministrler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy