JEMGYÝET

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbi tutuldy

Şu gün Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşylady. Bu ýerde medeniýet-sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar belentden ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, iki taraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy. Ol umumy uzynlygy 2 müň metre ýetýän eltiji ýollaryň gurluşygyny hem öz içine alar. Taslamany Ukrainanyň bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.

«Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkonyň çykyşyndan soň bolsa täze awtomobil köprüsi bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki şanly waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyryp, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, awtomobil köprüsiniň ilkinji betonyny guýdy.

Ýene-de okaň

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy