JEMGYÝET

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde bu şäheriň häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýylyň 7-12-nji iýuly aralygynda «Altyngaragöz» atly 36-njy Bütindünýä halk tanslarynyň bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň  “Galkynyş” tans topary gatnaşyp, baýrakly ikinji orna mynasyp boldy.

TÜRKSOÝ guramasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen habara görä, bu döredijilik çäresine 23 ýurtdan döredijilik toparlary gatnaşdy. Olar 5 günüň dowamynda 2022-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Bursa şäherinde dürli medeni çärelere gatnaşdylar.

«Altyngaragöz» atly 36-njy Bütindünýä halk tanslarynyň bäsleşiginiň final tapgyry hem üsti açyk teatrynda geçirildi. Final tapgyrynda emin agzalaryndan ýokary baha almak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen döredijilik toparlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bu bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden “Galkynyş” topary üstünlikli çykyş edip, 2-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşikde birinji orny Özbegistanyň döredijilik topary, üçünji orny bolsa, Bolgariýanyň sungat ussatlary eýelediler.

TÜRKSOÝ guramasynyň ýörite baýragyna Wengriýa, höweslendiriji baýraga bolsa Gazagystanyň sungat topary mynasyp boldy.

Ýeňiji bolan döredijilik toparlaryna pul baýraklary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri