JEMGYÝET

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

“Galkynyş” gaz käniniň 265 belgili ulanyş guýusynda birnäçe çuňluklardan tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy.

Bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr çykymy bolan guýunyň önümçilik mukdarynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy gürrüňsizdir. Munuň özi ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan “mawy ýangyja” baý känleriň işiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Dünýä ýüzünde gorlary boýunça “supergigant” dereje berilýän hem-de tehniki görkezijileri babatda “unikal” hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni, bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu ýerde 265 belgili gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 485 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4417-4281 metr we 4266-4226 metr aralyklardaky gatlaklarda senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy.

Şeýle hem ýurdumyzda tebigy gaza hem-de nebite baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi