BIZNES

«Galkynyş» gaz käninde täze guýy ulanmaga berildi

«Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Guýulary burawlamak işi «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda hytaýly hünärmenlere ynanyldy. 60-njy ulanyş guýusyndan täzelikde 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu ulanyş guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi we önümçilige girizildi.

«Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda ulanyş guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işlerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň gurluşykçylary baş potratçy boldular.

Iri möçberli bu gurluşyga dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen kuwwatly gazgurluşyk tehnologiýalarynyň gönükdirilmegi, şeýle hem kömekçi potratçy edaralaryň çekilmegi gurluşyk-gurnama işleriniň bellenilen möhletinde berjaý edilmegine ýardam berdi.

Ulanyş guýusynyň agyz ýakasynda ýokary tehnologiýaly, kuwwatly, döwrebap elektrik we gidrawlik enjamlar oturdyldy, optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk, wideogözegçilik serişdeleri ornaşdyryldy. Bu optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk, wideogözegçilik enjamlary «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawodyň hem-de gazy ilkinji arassalaýan desganyň operatorlaryna guýudan çig gazyň çykarylyşyny hem-de şu ýerdäki ýokary basyşly gaz geçiriji arkaly tebigy gazyň akdyrylmagyny sanly ulgam arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Ozal «Galkynyş» meýdançasyndaky 309-njy guýy ulanyşa berildi. Häzir şol meýdançadaky 294-nji hem-de 30-njy ulanyş guýularynyň agyz ýakalarynyň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler