JEMGYÝETSPORT

“Galkan” – çempion

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bir hepdeläp dowam eden sport baýramçylygy ildeşlerimiz “Galkan” hokkeý toparynyň üstünligi bilen tamamlandy. Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň finalynda Türkmenistan döwletimize mynasyp wekilçilik eden “Galkan” topary finalda ýaryşyň güýçli toparlaryndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” toparyny 4:2 hasabynda utup, halkara ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Paýtagtymyz Aşgabatda 15-nji aprelde badalga alan halkara hokkeý ýaryşy şu gün tamamlandy. Oňa 10 döwletden 10 topar gatnaşyp, toparlar 2 toparçada bäsleşdiler. Biziň döwletimize “Galkan” topary wekilçilik edip, halkara ýaryşyndaky ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandy.

“A” toparçada çykyş eden “Galkan” topary 4 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, 12 utuk bilen finala çykdy.

Finaldaky garşydaşy Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary boldy. Final duşuşygynyň ilkinji şaýbasyny ildeşlerimiz girizdi. Ýöne oýnuň 1-nji döwünde hasaby deňlän, tatar topary 2-nji döwde 2:1 hasabynda öňe saýlandy.

Ruhdan düşmedik “Galkan” topary 3-nji döwde garşydaşlarynyň derwezesinden jogapsyz 3 şaýbany geçirip, umumylykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

10 müň orunlyk Gyşky sport oýunlary toplumynda geçirilen duşuşyga ildeşlerimiz bilen bir hatarda daşary ýurtly ilçiler, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän halkara bilim olimpiadasyna gatnaşmaga gelen daşary ýurtlaryň talyplary hem tomaşa etdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň “Galkan” topary altyn medala, Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryşyň bürünç medalyny bolsa, Özbegistanyň “Feniks” toparyny 11:3 hasabynda ýeňen Belarusyň “Volat” topary gazandy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde emin agzalaryna, sport ýaryşynyň teleýaýlymlarda iň gowy teswirleýjilere we ýaryşyň iň gowy türgenleri sylaglandy.

Şeýle hem ýaryşyň çempiony “Galkan” toparyna ýaryşyň baş kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaryşyň iň ökde hüjümçisi hökmünde Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” toparynyň hüjümçisi Aýdar Mihkahow saýlandy.

Ýurdumyzyň “Galkan” toparynyň goragçysy Musa Annasaparow ýaryşyň iň gowy goragçysy derejesine eýe boldy.

Ýaryşda üçünji, ýagny bürünç medaly gazanan Belarusyň “Volat” toparynyň derwezebany Lagun Ýaroslaw iň gowy derwezeban boldy.

Şeýle hem Döwletmyrat Orazberdiýew ýaryşy teleýaýlymlarda ussatlyk bilen alyp baran iň gowy teswirleýji hökmünde sylaga mynasyp boldy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi