SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy – watansöýüjiligiň belent nusgasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sahawatly tylla güýzüniň ilkinji gününde diňe bilim ulgamynda ençeme döwrebap binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, ençeme desgalaryň düýbüniň tutulmagy täze taryhy eýýamyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan möhüm syýasy-taryhy ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy ýatdan çykmajak taryhy-syýasy ähmiýetli buýsançly waka boldy.

Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary üçin hem, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar. Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz — mugallymlary, terbiýeçileri, şonuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary täze üstünliklere, eziz Watanymyzyň depginli we has-da gülläp ösmegine halal, döredijilikli zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy.

Alym Arkadagymyzyň geçen umumy sapagyndaky çykyşynda her bir ynsanyň özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydygy, zähmetsöýerligiň hazynadygy, bagtdygy, rahatlykdygy, bagtyýar we uzak ýaşamakdygy barada aýdan çuňňur pähim-parasata ýugrulan sözleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler» diýen parasatly sözleri okuw-terbiýeçilik işlerinde, aýratyn hem tehnologiýa ylmy ugra degişli dersler, şeýle-de hünär ugurly okuwlar hem-de zähmet gurnaklar okadylanda mugallymlary okuw-terbiýeçilik işleri üçin esasy ýörelge bolmalydyr.

Şol taryhy sapakda maşgalada ata — ata ýerinde, ene — ene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökman öz ornuny tapýar. Kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň, ejem Ogulabat Berdimuhamedowanyň maňa we maşgalamyza beren terbiýesi, öwüt-ündewleri, durmuş sapaklary biziň nusgalyk ýörelgämize öwrüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtmak bilen, watançylyk terbiýesi; döredijilik we zehin terbiýesi; akyl we pikir terbiýesi; ylym terbiýesi; medeni aň-düşünje terbiýesi; kär-hünär terbiýesi; sungat terbiýesi; syýasy terbiýe; maliýe-ykdysady terbiýe; jemgyýetçilik terbiýesi; dil terbiýesi; ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi barada durup geçdi.

Gahryman Arkadagymyz şol sapagynda ýaşlara birnäçe öwüt-ündewleri berdi. Alym Arkadagymyz hususan-da ýaşlaryň Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadynyň pugtalandyrylmagy ugrunda beýik işleri üstünlikli dowam etdirmegi, täze sepgitlere tarap has ynamly, aýgytly gadamlar bilen öňe gitmegi,  tutuş il-ulsumyza watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezmegi ündäp, ýaşlaryň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz şol sapagynda baý durmuş tejribesine esaslanyp, beren öwüt-ündewleri biz ýaşlar üçin ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň nusgasyna öwrüldi.

Watanyň mukaddesligi, Watanyň gymmatlygy, Watanyň ýeke-täkligi hakyndaky taglymatlar, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk-doganlyk, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri kalbyňyzda müdimilik orun alsyn, diýip bellän Gahryman Arkadagymyz bugünki günde ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Umuman, ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan işlere nazar aýlanyňda, täze taryhy eýýamda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Berkarar döwletimiziň daýanjy, ata Watanymyzyň, halkymyzyň guwanjy, baky bagtyýarlygymyzyň sarsmaz sütüni saýylýan ylymly-bilimli nesil hakynda yzygider alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri