JEMGYÝET

Gadyr gijesi mynasybetli günä geçişlik: 463 iş kesilen raýat boşadylýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol topar tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Gadyr gijesi 17-nji aprelden 18-nji aprele geçilen gije hökmünde belleniler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk