JEMGYÝET

Gadyr gijesi haçan we Baýram namazy näçede okalýar?

Oraza aýy tamamlanyp barýar. Mukaddes Oraza aýynyň soňky 10 günlüginiň dowam edýän gününde “Gadyr gijesi haçan” we “Baýram namazy haçan okalýar” soragy hem köp gözlenilýän hem-de soralýan soraglaryň biridir.

Türkmenistanyň Müftiliginiň 2021-nji ýylyň Oraza aýy boýunça senenamasyna laýyklykda bu ýyl Gadyr gijesi Maý aýynyň 8-inden 9-yna geçilýän gije bolar. Bu  gijäniň Remezan aýynyň 27-nji gijesine deň gelýändigi baradaky rowaýaty alymlaryň köpüsiniň goldamagy netijesinde bu gije Gadyr gijesi hökmünde bellenilipdir. Adamzada dogry ýoly görkezmek üçin gönderilen iň soňky kitap bolan Kurany Kerim şu gijede inmäge başlapdyr.

Baýram namazy haçan?

Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen Baýram namazy okalýar. Ähli musulmanlar bu ybadaty berjaý edýärler.

Üstümizdäki ýyl Oraza Baýramy 13-nji maýda, hepdäniň penşenbe güni bellener.

Baýram namazynyň wagtlary:

Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça: 06:50

Balkan welaýaty boýunça  :07:00

Daşoguz welaýaty boýunça : 06:35

Mary welaýaty boýunça :  06:35

Lebap welaýaty boýunça : 06:25

Türkmenbaşy şäheri boýunça : 07:10

Germaniýa 2021 :Abraýly Ýokary Okuw mekdepleri

 

Oraza aýy 2022 : Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri