JEMGYÝET

Gadymy Rim syrlaryny açýar

Taryhyň iň uly nesilşalyklarynyň biri bolan Rim döwletiniň syrdan doly taryhy taryhçylary haýran etmegini dowam edýär. Ýakynda dünýä metbugatynda bu döwletiň we heniz hem Italiýanyň paýtagty bolup oturan gadymy şäheriň ady bilen bagly täsin maglumatlar ýaýrady.

Olarda ýazylyşy ýaly, Rimiň ady onuň ilkinji döwlet ýolbaşçysyndan gelip çykýar. Taryhda “Romul”, “Rem” ýaly atlar bilen gabat gelýän nesilşalygyň ilkinji hökümdary Romul atly şahsyýet bolupdyr. Rimiň mukaddes çeşmelerinde döwletiň iň soňky hökümdarynyň hem Romul boljakdygy aýdylypdyr. Hakykatdan-da, telim asyrlap dünýäniň aglaba bölegini dolandyran imperiýanyň iň soňky ýolbaşçysy Flawiý Romul Awgustdyr.

Imperiýa bireýýäm dargady, ýöne Rim şäheri asyrlaryň dowamynda göterip gelýän ady bilen beýik taryhyň mirasyna öwrülip ýaşaýar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri