MEDENIÝET

Gadymy dinozawryň skeleti 6 million dollara satyldy

Gadymy dinozawryň seýrek duş gelýän skeleti ABŞ-da geçirilen auksionda 6,07 million dollara satyldy. Bu barada “BBC News” teleýaýlymy habar berýär.

Gorgozawryň skeleti Nýu-Ýork şäherindäki “Sotheby’s” auksionda satuwa çykarylypdy. Bu dinozawryň görnüşiniň skeleti Amerikanyň Montana ştatynda tapylypdy we ol 79 süňk elementinden ybarat bolup, onuň beýikligi 3 metre, uzynlygy bolsa, 6,7 metre deňdir.

“Sotheby’s” auksionynda ikinji gezek dinozawryň skeleti satylýar. Mundan ozal, 1997-nji ýylda Çikagonyň muzeýine tirannozawryň skeleti 8,3 million dollara satylypdy.

Gorgozawr Ýer şarynda 77 million ýyl mundan ozal ýaşap geçipdir. Ol hem tirannozawr ýaly uly ýyrtyjy haýwanlaryň biridir.

Indiana uniwersitetiniň professory we oňurgaly haýwanlar paleontologiýasy jemgyýetiniň öňki prezidenti Deýwid Polli şuňa meňzeş skeletiň adamzadyň umumy tebigy mirasynyň bir bölegidigini aýtdy.

 

“Ata Watan Dünýäde-2022”: WaÅŸingtona onlaýn syýahat

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov