«Aspendos» atly XXXII-nji halkara opera we balet festiwalynyñ çäklerinde J.Puççini, J.Werdi we P.Çaýkowskiý ýaly kompozitorlaryñ operalaryndan ariýalar ýerine ýetiriler.
Antalýada yerleşýän Aspendos gadymy teatrynda 14-nji sentýabrda «Aspendos» atly 32-nji halkara opera we balet festiwalynyñ açylyşy boldy. Festiwal Jakomo Puççiniñ «Turandot» – buzly hytaý şazadasy ertekisini ýerine ýetirýän opera sungatynyň ussatlarynyñ çykyşy bilen açyldy.2000 ýyllyk taryhy bolan ajaýyp akustikasy bilen tanalýan bu teatrda dünýä belli tenor Rikkardo Massi (Italiýa) şeýle hem soprano Olga Maslowa (Russiýa) çykyş ederler.Aspendosda geçirilýän bu festiwalda 17-nji sentýabrda «Zorba» baleti, 20-nji sentýabrda «Guw köli», 24-nji sentýabrda «Don Kihot» we 27-nji sentýabrda «Toska» operalary ýerine ýetiriler.Festiwal 1-nji oktýabrda Juzepe Werdiniñ «La Trawiata» operasynyñ Özbegistanyň Alişer Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki Uly opera we balet teatry tarapyndan ýerine ýetirilmegi bilen tamamlanar.
Aspendos (b.e.ö II m.ý.) teatryñ çeper-monumental keşbi we ajaýyp akustikasy görenleri hayran galdyrýar. Tomaşaçylaryň 15 müňüsine niýetlenen bu gadymy teatryñ özboluşly aýratynlygynyñ biri hem ses güýçlendiriji enjam ulanmazdan sesiñ auditoriýanyň iň ýokarky hatarlaryna ýetmegidir. Dünýäniň iň meşhur medeni forumlarynyñ birini öwrülen bu festiwalyň 2003-nji ýyldan bäri Ýewropanyñ Festiwallar Assosiasiýasynyň (EFA) hormatly agzasy bolup durýandygyny bellemek ýerlikli bolar.Dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen we Türkiýäniň iň meşhur dynç alyş ýeri bolan Antalýa ajaýyp kenar ýakalary, özüniñ hoştap howasy, Ortaýer deňziniň biri-birinden datly, lezzetli tagamlary, şeýle hem köp asyrlyk medeni mirasy bilen dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär. Antalýanyñ käbir gadymy taryhy ýadygärliklerini ýurduñ «Gijeki muzeýler» maksatnamasynyñ çäklerinde gün ýaşandan soň hem görüp bolýar. Ajaýyp tebigy gözellig, medeni gymmatlyklary we myhmansöýerligi bilen tanalýan bu şähere 2024-nji ýylda rekord derejede 17 million syýahatçy geldi.
Festiwal barada giñişleýin maglumat:
Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyñ 14-nji sentýabry – 1-nji oktýabry aralygy/ 21: 00 –Ortaýer deňziniň arassa asmanynda opera we balet sungaty bilen ýakyndan tanyşmak
Petekler: resmi web sahypalaryndan www.operabale.gov.tr, www.biletinial.com, SanatCepte ykjam programmasy ýa-da Antalýanyň resmi satuw nokatlaryndan almak mümkin.