DÜNÝÄ

G-7 ýurtlary sanjym paýlar

Şu günler Beýik Britaniýanyň Kornoull adasynda G-7 ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammiti geçirilýär. Şol sammitde garyp ýurtlara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym kömegini bermek babatda karara gelindi.

Sammite gatnaşýan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden öz ýurdunyň 500 million sanjym satyn alyp, sanjym zerurlyugy bolan ýurtlara berjekdigini mälim etdi. Umuman, 1 milliard doza möçberinde sanjym paýlanar.

ABŞ “Pfizer” kompaniýasyndan 500 million doza möçberinde sanjym alyp, olary hem 100-e golaý ýurda paýlar. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson hem öz ýurdunyň 100 million doza möçberinde sanjym paýlajakdygyny belledi.

G-7 ýurtlarynyň sammiti koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmelerden soňra ýüzbe-ýüz geçirilýän ilkinji sammitdir. Ol şol bir wagtda ABŞ-nyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi.

Sammitde koronawirus pandemiýasyndan soňra dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi we beýleki birnäçe ugurlardaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylar.

G-7 – Angliýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ-ny birleşdirýän resmi däl halkara klubdyr. Bu duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary hem gatnaşýar.

 

11-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi