SPORT

Futbolyň tomusky transfer möwsüminde 7.36 milliard dollar sarp edildi

Dünýäniň futbol toparlary tomusky transfer möwsüminde 7.36 milliard dollar sarp etdiler we bu rekord görkeziji hökmünde hasaba alyndy.

Bu gezek sarp edilen pul möçberi 2022-nji ýylyň tomus möwsümi bilen deňeşdireniňde, 47,2 göterim, 2019-njy ýylyň tomus möwsümi bilen deňeşdireniňde bolsa, 26.8 göterim köpdür.

Sarp etmek boýunça Angliýa öňdebaryjydyr we onuň toparlary 1.98 milliard dollar çykdajy etdi. Şeýle hem Angliýanyň klublary futbolçy satyn almak üçin 449 million, futbolçy satmak bilen 514 million dollar möçberinde serişde görkezijisine eýe boldy.

Germaniýa transferleriň girdejisi boýunça birinji orny eýeledi we bu ugurda 1,11 milliard dollar girdeji gazandy.

Saud Arabystanynyň çykdajylary 875,4 million dollara deň bolup, çykdajy etmekde ikinji orunda durýar.

Dünýä boýunça transfer çykdajylary boýunça Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublarynyň paýy 14 göterime deňdir.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler