SPORT

Futbolyň halkara derejesi bilen bagly onlaýn maslahat

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA we AFK-nyň bar bolan tejribelerinden, taslamalaryndan hem-de mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, Türkmenistanda futboly mundan beýläk hem ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp barar. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň hem-de AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahim Al Khalifanyň gatnaşmagynda geçirilen wideoşekilli onlaýn maslahatda aýdyldy.

Futbol boýunça dünýä we yklym guramalarynyň ýolbaşçylary bu onlaýn maslahaty Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşylar düzümleri bilen geçirdiler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan oňa Baş sekretar Arslan Aýnazarow gatnaşdy.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino öz çykyşynda FIFA-nyň şu kyn döwürde hem öz agzalary bilen işjeňligini saklajakdygyny, hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýratyn nygtady.

Metbugat sahypalarynda habar berlişi ýaly, FIFA öz gaznasyndan 1,5 milliard dollary milli federasiýalary goldamak üçin aýryp berdi.    

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler