SPORT

Futbolda seýrek duş gelýän pursatlar…

Çempionlar ligasynyň 2000-2001-nji ýyldaky möwsüminde ¼ final duşuşygynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Şol ýyl meýdançada Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary duşuşygyň öň ýanyndaky surata düşmek çäresinde 12 adam bolup surata düşdi.

Bu waka şeýle bolup geçdi: ady belli futbol synçysy Karl Pauer ilki bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýörite eşigini geýip, meýdança aralaşdy. Onuň metbugat wekilleri üçin ýörite geýen eşiginiň aşagynda bolsa “Mançester Ýunaýted” toparynyň köýnekçesi bar eken.

Haçan-da futbolçylar birek-biregi bilen salamlaşandan soňra surata düşmäge taýýarlanan wagtynda Karl Pauer öz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ eşigini çykaryp, “Mançester Ýunaýted” toparynyñ futbolçysy Duaýt Ýorkuñ ýanynda durup, resmi toparyñ oýunçysy hökmünde surata düşýär.

Şeýlelikde 12 oýunçydan ybarat bolan “Mançester Ýunaýted” toparynyñ suratyny görmek boldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler