SPORT

Futbol taryhynyñ iñ gowy derwezebany kim?

Bu sowalyň jogaby Ispaniýanyň “Marca” gazeti tarapyndan geçirilýän ses berişligiň netijesinde belli bolar. Halkara derwezebanlaryň güni mynasybetli dünýäniñ iñ gowy derwezebanyny kesgitlemek üçin şeýle ses berişlik çäresi geçirilýär.

Häzirki ýagdaýda bu ses berlişikde:

1-njy orunda Ispaniýanyñ kapitany we derwezebany bolan Iker Kasilýas;

2-nji orunda Italiýa milli ýygyndysynyñ we “Ýuwentus” toparynyñ derwezebany Janluiji Buffon;

3-nji orunda Russiýanyň “Dinamo” toparynyñ we ozalky SSSR-iň milli ýygyndysynyñ derwezebany Lew Ýaşin barýar.

1990-njy ýylyň 20-nji martynda aradan çykan Lew Ýaşin 1956-njy ýylda Olimpiýa çempiony, 1960-njy ýylda Ýewropanyñ çempiony, “World Soccer, France Football”, FIFA guramalarynyñ yglan etmeginde XX asyryñ iñ gowy derwezebany adyna mynasyp boldy. Şeýle hem Ýaşin şu wagta çenli derwezebanlaryñ arasynda ilkinji “Altyn top” baýragyny gazanan ýeke-täk derwezebandyr.

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri