SPORT

Futbol şasynyň doglan güni

23-nji oktýabrda futbol taryhyna adyny altyn harplary bilen ýazdyrmagy başaran, öz futbol döwründe futbol ýyldyzy bolan we ençeme ýaryşlarda üstünlik gazanan, tutuş ýer planetasynda 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli futbol muşdaklarynyň söýgüli, dünýä belli futbolçysy bolan “Pele” lakamly, hakyky ady bolsa Edson Arantis du Nasiment 80 ýaşaýar. Pele – özüniň futbol karýerasyny 1977-nji ýylda tamamlan bolsa, häzirki wagtda hem ýer ýüzünde tanymal adamlaryň biri hasaplanylýar. Pele –  futbol boýunça dünýä çempionatynda (1958, 1962 we 1970 ýyllarda) üç gezek dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr. Pele – “Santos”, “Nýu-Ýork Kosmos” we Braziliýa futbol milli ýygyndysynda jemi 1.363 duşuşyk geçirip, umumylykda 1.281 gol geçirmegi başardy. Bu netijäni heniz hiç bir futbolça gaýtalatmagy başartmaýar. “FIFA” guramasy ony iň beýik futbolçy we “Halkara Olimpiýa komiteti” bolsa 20-nji asyryň iň beýik türgeni hökmünde ykrar etdi.

Şeýle hem “Doglan günüň bilen gutlaýarys, Pele!” şygary astynda Braziliýanyň futbol konfederasiýasy hem oýunçyny gyzgyn gutlaýar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy