SPORT

Futbol çempionatlary haçan başlar?

Germaniýanyñ “Bundesliga” çempionaty 9-njy maýda tomaşaçasyz geçirilmekçi. Häzirki wagtda liga başlanjak oýunlaryna taýynlyk işlerini alyp barýar. Bu barada iki işjen topar düzüldi. Birinji topar-oýun gününiñ düzgünlerini mälim edýär. Ikinji topar gigiýena işlerine jogap berýär. “Bundesliga” oýunlary geçirmek howpsuzlyk ýagdaýyny doly derejede geçirmek isleýär.

***

Italiýanyñ “Seriýa A” çempionaty 24-31-nji maýda ýa-da 7-nji iýunda başlap biler. Bu barada 20-nji aprelda “Seriýa A” çempionatyny geçirmek babatda ýygnak geçirildi. Şol ýerde biragyzdan şu möwsümi doly tamamlamaly diýip, karara geldiler. Bu oýunlary başlatmak üçin ýurduñ ýolbaşçylaryndan razylygyna garaşýarlar.

***

Ispaniýanyñ “La Liga” çempionaty maý aýynyñ soñunda ýa-da iýun aýynyñ başynda başlap biler. Ispaniýanyñ futbol federasiýasynyñ ýolbaşçylary möwsümi tamamlamaly ýa-da dowam etdirmelimi – diýip ýygnak geçirdi. Ýygnagyñ netijesinde toparlara türgenleşik işlerini alyp barmaga rugsat edildi. Her oýnuñ arasynda 72 sagatlyk ara tapawut bolmalydyr. Ispaniýanyñ milli sport birleşigi we Liga bilelikde işläp, Ispaniýany ýurduny howpsuz sport ýurdy diýip yglan etmeli diýip belläp geçýärler.

***

Angliýanyñ “Premýer liga” çempionaty 6-njy iýunda dowam etdirip bilner, toparlar bolsa 16-njy maýda özleriniñ türgenleşik işlerini alyp bararlar. Emma entäk resmi çözgüt ýok. Haçanda Angliýanyñ saglyk ministrligi rugsat berse, onda çempionat dowam etdiriler.

Ýene-de okaň

Müsür dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lanka bilen duşuşar

Ronaldo taryhdaky ilkinji milliarder futbolcy boldy

Türkmenistana GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda ilkinji medaly boksçy Hangeldi Lukmanow getirdi

“Kaýrat” toparynyň derwezeçisine ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy 

Türkmen samboçylary Indoneziýadaky dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar