ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy halkara mugallymlara öz dersleri boýunça tejribe toplamak, mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmak we ABŞ barada bilimlerini artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän 2024-nji ýyl üçin Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin açyk bäsleşlik yglan edýär. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Gatnaşýanlar 2024-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap alty hepdelik maksatnama üçin ABŞ-a syýahat ederler.
Bu ylmy dereje bermeýän okuw maksatnamasy okuw usulyýetini, sapak eýilnamalaşdyrylyşyny we okatmagyň strategiýalaryny, şeýle hem kompýuteri Internet, ýazuw we okuw guraly hökmünde ulanmagy öwredýän okuw işlerini we intensiw taýýarlyk okuwlaryny öz içine alýar.
Akademik maksatnamanyň bir bölegi hökmünde gatnaşyjylar öz ýurtlarynda derslerde ulanmak üçin sapaklaryň birnäçesini taýýarlamaga we düzmäge mümkinçilik alarlar hem-de maksatnamanyň ahyrynda Waşington şäherinde geçiriljek maslahatda hödürlemek üçin sapaklaryň birini gysga açyk sapak hökmünde taýýarlamaga mümkinçilik alarlar.
Bu alty hepdelik maksatnama halkara gatnaşyjylar bilen amerikan mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda ysnyşykly we işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin orta mekdepde kyrk sagatlyk tejribe işini hem öz içine alýär. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar medeni syýahatlar we doly okuw goldawy bilen hem üpjün ediler.
ABŞ-daky bu maksatnama üçin şu link girip, has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.
