Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý ýurdumyza geldi.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-türk toparynyň mejlisinde çykyş eden wise-prezident Fuat Oktaý türkmen-türk toparynyň mejlisiniň geçirilmeginden uly kanagatlanma duýýandygyny belledi.
Fuat Oktaý Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hususan-da energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belläp, hususan-da Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe formatyndaky hyzmatdaşlyk bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmaga taýýardyklaryny belledi.
Bu babatda birnäçe hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça teklipleriň taýýarlanandygyny bellän Fuat Oktaý Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynda hem bu ugurdaky teklipleri beýan edendiklerini belledi.
Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý türkmen gazyny suwuklandyrylan görnüşde tankerler bilen Azerbaýjana ýetirip, ol ýerden hem TANAP gaz geçiriji arkaly dünýä bazaryna çykarmak mümkinçiligini teklip edendiklerini mälim etdi.
Şeýle hem ol “swop” görnüşinde türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana we şol ýerden dünýä bazaryna ýa-da Eýranyň üsti bilen Türkiýe ibermek teklibiniň öňe sürlendigini belledi.
Fuat Oktaý Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýranyň üsti bilen Türkiýe iberilmegi teklibine has içgin gyzyklanma bildirendigini hem belläp geçdi.
Şeýle hem ol bu babatda Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi, “Botaş” kompaniýasy we “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda geçirilýän gepleşiklerde gysga wagtda netije gazanylmagyna ynanýandygyny belledi.
Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistana geldi