Çehiýanyň iň gözel şäherleriniň biri bolan Fridlant 1878-nji ýylda düýbi tutulyp, arhitektura aýratynlygy boýunça örän täsin şäherdir. 7380 ilat sanawyny berýän bu şäheriň meýdançasy 31, 616731 inedördül metrdir. Pagta arassalaýjy hem- de kagyz öndürýän zawodlar birligi, reňkleýji, neşir ediji zawodlar birligini özünde jemleýän, taryhy söýýän jahankeşdeleriň şäheri bolan bu şäher Klam-Gallasyň köşgidir.
Bu şäherde häzirki güne çenli arhitektura ýadygärlikleriniň goragyndan başga- da şol ýerdäki däp- dessurlary saklamak üçin ajaýyp festiwallaryň hem- de konferensiýalaryň geçirilmegi esasan jahankeşdelik bilen meşgullanýan raýatlaryň ünsüni özüne çekýär.
Esasan ol ýerdäki tomusky festiwallar, däp- dessurlaryň festiwallary geçilen ýollary ýatlamagyň festiwallary bolsa örän gyzykly hem täsindir. Bu ýerde ýerleşýän muzeýlerdäki eksponatlar hem dünýä jahankeşdelik ylmynda, taryhçylaryň hem- de alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Ol ýere baran jahankeşdelerde taryhy duýgynyň oýanmagy hem hut şol sebäplidir. Dünýädäki iň uly ýadygärlik eserleriniň toplumy bolan bu ýerde taňrylaryň heýkelleri we daş sarkofaglary bar.
Muzeýlerde gymmatly nusgalary, şol sanda reňkli suratlar bilen bezelen iň meşhur nusgalar saklanýar. Köp ýyllyk taryhy bolan gymmat bahaly papirus listleri halk köpçüligine örän seýrek görkezilýär. Bu ýerde likiýa heýkellerini, meşhur ybadathanasynyň galyndylaryny, imperatorlaryň döwürlerinden galan gymmatbaha zatlary, we beýleki gymmatlyklary görmek bolýar.
Bu taryhy yzlaryň dünýä taryhyna çykmasy bolsa, pars we mesopotamiýa ýadygärlikleriniň ýygyndysy hem-de Assiriýanyň gadymy paýtagty Niniýewiýa degişli eserler we Ortaýer deňziniň gündogar bölegine beýleki gymmatlyklar görkezilýär. Şäheriň gözelligi haýran galdyrýar. Çünki binagärlik ulgamynyň orta asyrlar modernizasiýasyna degişli bolmagy bu şäheri jahankeşdelik merkezi bolmagy üçin tanadýar.
Kadyrgeldi Rejepow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
