SPORT

Fransiýada futbol möwsümi resmi taýdan tamamlandy

Mundan ozal, Ýewropada ýeke-täk Niderlandlar Patyşalygynda futbol çempionaty resmi taýdan tamamlanypdy. Futbol çempionatyny resmi taýdan tamamlanýanlaryň hataryna Fransiýa hem goşuldy.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň biri hasaplanýan “Ligue 1” resmi taýdan tamamlandy. Fransiýanyň Premýer-ministri Eduar Filipp golaýda metbugat beýanaty bilen çykyş edip, koronawirusyň ýetiren zyýanlaryndan saplanmak üçin degişli çäreleriň görülýändigini mälim etdi. Ol kem-kemden ýurtda çäklendirilmeleriň ýatyryljakdygyny, ýöne munuň sport ulgamyna degişli bolmajakdygyny, ähli sport çäreleriniň sentýabr aýyna çenli geçirmegiň gadagandygyny belledi.

– 5 müňden köp adamyň gatnaşmagyndaky iri sport ýaryşlary sentýabr aýyna çenli geçirilmeýär. Şeýlelikde, 2019-2020-nji sport möwsümi sportuň ähli görnüşleri, şeýle hem futbol üçin hem tamamlandy. Güneşli günlerde ýekelikde türgenleşikler geçirmek bolar. Ýöne toparlaýyn ýagdaýda sport çärelerine rugsat berilmeýär – diýlip bellenildi.

Futbol möwsüminiň tamamlanmagy giň jemgyýetçilikde, şeýle hem futbol janköýerlerinde garaşylmadyk ýagdaý boldy. entek bu ýagdaýyň üýtgemegi hem mümkin.

Koronawirus sebäpli arakesme yglan edilmezden ozal, Fransiýanyň futbol çempionatynda 28 tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Futbol möwsümi tamamlanan halatynda “PSŽ” we “Marsel” toparlary Çempionlar ligasynda çykyş eder. “Renn” topary Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklaryna gatnaşar.

“Lill”, “Lion” we “Monpelýe” toparlary bolsa Ýewropa ligasynda Fransiýa wekilçilik ederler.

Malim bolşy ýaly, Fransiýanyň kubogy ugrunda ýaryşlarda diňe final duşuşyklary geçirmek galypdy. “PSŽ” bilen “Lion” toparlary Liganyň kubogynyň finalynda, “PSŽ” bilen “Sent-Etýen” toparlary bolsa Fransiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda duşuşmalydy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary sekiz ýyllyk rekordy täzeledi

55 ýyldan soňra gazanylan ýeňiş

«Ahal» Ýokary ligada 700-nji duşuşygyny geçirdi

Ronaldonyň jemgyýetçilik torlaryndaky rekordy

Ata Watan Eserleri

Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berer

Türkmen türgeni Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda altyn medal gazandy