JEMGYÝET

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň howa menzilleri bilen tanyşdylar

Ertir — 15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işine başlaýar. Şu günler bolsa Awaza bu iri foruma gatnaşmaga gelýän köp sanly daşary ýurtly myhmanlary garşylaýar.

Hazaryň türkmen kenarynda dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdançanyň başyna jemlendiler.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu foruma gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleri Türkmenbaşy halkara howa menzilinde forum mynasybetli geçirilýän ugurdaş sergä gatnaşdylar.

Sergide “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de ýurdumyzyň halkara howa menzileriniň, hususan-da Aşgabadyň, Türkmenbayşynyň, Marynyň, Türkmenabadyň, Daşoguzyň we Kerki şäherindäki halkara howa menzilleriniň kuwwaty, olaryň alyp barýan işleri hem-de ýolagçylara hyzmat etmek üçin döredilýän mümkinçilikler barada maglumat berildi.

Bu howa derwezeleriniň diwarlyklaryna maglumatlar hem-de degişli gollanmalar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar Türkmenbaşy howa menziline aýlanyp görüp, howa menziliniň terminallary, ýolagçylar üçin döredilen mümkinçilikleri öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Awaza milli syýahatçylyk zolagy” baradaky Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenbaşy şäheriniň howa menziliniň toplumy 2010-njy ýylda guruldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi